8-13-nji sent­ýabr­ aralygynda Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty As­ta­na­ şäherinde Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry ge­çi­ril­di.

«Ym­gyr säh­ra­da­ky du­şu­şyk» şy­ga­ry as­tyn­da geç­irilen sport çä­re­si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy ar­tist­le­riň üç müň­den gow­ra­gy­nyň gat­naş­ma­gyn­da «As­ta­na Are­na» sta­dio­nyn­da gu­ral­dy. Bu da­ba­ra Ga­za­gys­ta­nyň mil­li baý­da­gy­nyň hem-de Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň baý­da­gy­nyň gal­dy­ryl­ma­gy we se­na­sy­nyň ýaň­lan­ma­gy bi­len baş­lan­dy. Il­ki gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň da­ba­ra­ly ýö­ri­şi ge­çi­ril­di. Mün­be­riň öňün­den beýleki ýurtlaryň tür­gen­le­ri bilen birlikde türk­me­nis­tan­ly tür­gen­ler hem geçdi.

Giň gerimli sport çäresiniň açylyş dabarasynda Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew çy­kyş edip, oýun­la­ryň açyk­dy­gy­ny mälim et­di. Da­ba­ra­da Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy Ro­man Sklýar we Bü­tin­dün­ýä et­nos­port kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Bi­lal Er­do­gan hem çy­kyş et­diler.

Astanada guralan sport çä­re­si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Öz­be­gis­ta­n Respublikasynyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Sa­dyr Ža­pa­row, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Ta­ta­rys­ta­n Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Rus­tam Min­ni­ha­now, Sa­ha Res­pub­li­ka­sy­nyň baş­ly­gy (Ýa­ku­ti­ýa) Aý­sen Ni­ko­la­ýew we başga-da köp sanly ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­la­r gatnaşdy.

As­ta­na­nyň iň go­wy sport meý­dan­ça­la­ryn­da spor­tuň 21 gör­nü­şi bo­ýun­ça, şol sanda, at ça­py­şy­gy, mil­li gö­re­şiň dürli gör­nüş­le­ri, däp bo­lup gel­ýän in­tel­lek­tu­al oýun­lar, ba­şa-baş gö­re­şiň gör­nüş­le­ri, ýaý­dan ok at­mak, el­guş bi­len aw­la­ma­gyň mil­li gör­nüş­le­ri we halk oýun­la­ry boýunça bäsleşikler guraldy.

Giň ge­rim­li çä­rä­niň çä­gin­de 10 gek­tar meý­dan­da «Köş­pen­di­ler Ale­mi» (Çar­wa­da­rla­ryň dün­ýä­si) ýaý­baň­lan­dyrylyp, ol ýer­de gazak halkynyň we çar­wa halk­la­ryň öz­bo­luş­ly me­de­ni­ýe­ti bi­len tanyşdyryldy.

Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryna 89 ýurt­dan 2 müň 800 tö­we­re­gi tür­gen gat­naş­dy. Türk­me­nis­ta­na 29 tür­gen we 6 tä­lim­çi we­kil­çi­lik et­di. Oýunlarda sportuň 21 görnüşi boýunça jemi 97 medal gowşuryldy.