Angliýanyň çempionaty “Premier Ligada” awgust aýynyň iň ökde tälimçisi diýlip “Braýtonyň” germaniýaly hünärmeni Fabian Hürsler saýlandy. 31 ýaşyndaky Hürsler “Premier Liganyň” taryhynda aýyň iň ökde tälimçisi saýlanan iň ýaş hünärmen boldy. Şol bir wagtyň özünde Hürsler Anže Postekoglundan soň “Premier Ligada” ilkinji aýynda bu baýragy gazanan 2-nji tälimçi hökmünde hasaba alyndy.

Hürsler bu baýrak ugrunda Mikel Arteta, Pep Guardiola hem-de Arne Slot ýaly tälimçilerden köp ses almagy başardy.

“Braýton” topary awgust aýynda geçiren 3 duşuşygynda 7 utuk toplamagy başardy. “Ewertony” 3-0, “Mançester Ýunaýtedi” 2-1 ýeňen “Braýton” “Arsenal” bilen 1-1 deňme-deň oýnady.