Samarkandda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolsuň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň, birnäçe ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň barşynda Germaniýanyň we Özbegistanyň Liderleri migrasiýa pudagynda hyzmatdaşlyk barada hökümetara ylalaşyga gol çekdiler. Maglumatlara görä, bu şertnama, esasan, saglygy goraýyş pudagynda ökde işgärleriň Germaniýa barmagynyň tertibini ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda Özbegistanyň 13 müňden gowrak raýaty Germaniýada ýaşaýar.
Mirziýoýew we Şols gepleşikleriň barşynda daşary işler ministrliklerine mümkin boldugyça özbek-nemes gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi, halkara we sebit meseleleri, şol sanda Owganystandaky ýagdaýlar boýunça yzygiderli geňeşmeler geçirmegi tabşyrdy.
Hususan-da, taraplaryň arasynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada şertnama, weterinariýa we maldarçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada hökümetara jarnama hem-de “Ýaşyl Merkezi Aziýa” başlangyjynyň çäginde suw gorlaryndan durnukly peýdalanmak barada bilelikdäki jarnama gol çekildi. Şeýle-de taraplar möhüm minerallar pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada bilelikdäki jarnama, ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk baradaky şertnama we Pariž şertnamasynyň çäginde howanyň üýtgemegi boýunça hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama gol çekdiler.
Mundan başga-da, 2024-2026-njy ýyllar üçin Tehnologiýa hyzmatdaşlygy we senagat hyzmatdaşlygy maksatnamasy kabul edildi we Özbegistanyň we Germaniýanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň derejesinde ylalaşyklar we şertnamalar toplumy baglaşyldy. Olaf Şols 15-16-njy sentýabrda Mirziýoýewiň çakylygy boýunça iki günlük resmi sapar bilen Özbegistanda bardy.