16-njy sentýabrda Bişkekde Türki döwletleri guramasyna (TDG) agza döwletleriň energetika ministrleriniň dördünji mejlisi geçirildi.
Mejlise TDG-nyň Baş sekretary, Türkmenistandan we Wengriýadan synçylar, şeýle hem Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň energetika pudagynyň ministrleri we wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Nahiçewan şertnamasynda, 2040-njy ýyla çenli Türki dünýäsiniň ösüşi Konsepsiýasynda we 2023-2027-nji ýyllar üçin Energetika hyzmatdaşlygy boýunça Hereketleriň meýilnamasynda görkezilen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ýaly energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Ilçisi N.Gölliýew energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, şeýle hem bu ugurda energiýa serişdeleriniň durnukly we yzygiderli iberilmegini üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy berkitmek babatynda uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Taraplar ýaşyl energetikanyň ösdürilmegine we energetika ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmak barada Bilelikdäki Beýannama gol çekildi.