13-14-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy (Astrahan ş.) tarapyndan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan mini-futbol boýunça ýaryş guraldy.
Bäsleşige Astrahan oblastynda we Stawropol sebitinde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekillerinden ybarat bolan toparlar, şeýle hem Astrahan oblastynda bilim alýan türkmen talyplaryndan ybarat bolan Konsullygyň topary gatnaşdylar.
Ýaryşyň açylyş dabarasynda nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň parahatçylyga, watançylyga, ylalaşyga, doganlyga we dostluga çagyrýan eserleriniň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge hyzmat edýändigi nygtaldy.
Ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňiji bolan toparlara kubok we medallar gowşuryldy.