Futbol janköýerleriniň iň söýgüli ýaryşy hasaplanýan UEFA-nyň klub derejesindäki iň uly bäsleşigi bolan Çempionlar Ligasynyň täze möwsümi 70-nji (Çempionlar Ligasy adyny alanyndan soň 33-nji) möwsümine şu gün agşam badalga berler. Geçiriliş tertibi üýtgän, liga görnüşinde geçiriljek ýaryşda her tapgyrda 18 duşuşyk oýnalar. Diňe ilkinji tapgyryna mahsus bu gezek duşuşyklar 3 günde tamamlanar. Sişenbe (17-nji sentýabr), çarşenbe (18-nji sentýabr) we penşenbe (19-njy sentýabr) günleri – her gün 6 duşuşyk geçiriler. Her gün duşuşyklaryň 2-si Aşgabat wagty bilen 21:45-de, galan 4-si bolsa 00:00-da başlanar.

1-nji tapgyryň iň esasy 2 oýny italýan hem-de iňlis klublarynyň arasynda “Milan” bilen “Liwerpulyň”, “Mançester Siti” bilenem “Interiň” arasyndaky duşuşyklar bolar. “Milan” bilen “Liwerpul” 2005-nji we 2007-nji ýyllaryň “Mançester Siti” bilenem “Inter” 2023-nji ýylyň finalynda duşuşypdy. 2005-nji we 2023-nji ýyllardaky finallaryň birmeňzeş taraplary, duşuşyklaryň Stambulda geçirilip, ikisinde-de iňlis klublarynyň ýeňiş gazanan bolmagydyr.

1-nji tapgyryň 1-nji gününde ilkinji gezek duşuşýan “Ýuwentus” – PSW, “Milan” – “Liwerpul”, “Real Madrid” – “Ştutgart”, 2-nji gününde “Mançester Siti” – “Inter”, 3-nji gününde-de “Feýenoord” – “Baýer, “Monako” – “Barselona”, “Atalanta” – “Arsenal”, “Atletiko” – “Leipsig” duşuşyklary futbol janköýerleriniň esasy üns merkezinde boljak oýunlar hasaplanýar.

Duşuşyklar TRT1, CBC Sport, Varzish, Futbol HD, Persiana Sport HD, ýaly Älem TV-de hem-de IPTV-de bar bolan teleýaýlymlar arkaly tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler.

17-nji sentýabr (sişenbe)

21:45 Ýuwentus (Italiýa) – PSW (Niderlandlar)

21:45 Ýang Boýz (Şweýsariýa) – Aston Willa (Angliýa)

00:00 Bawariýa (Germaniýa) – Dinamo Zagreb (Horwatiýa)

00:00 Milan (Italiýa) – Liwerpul (Angliýa)

00:00 Real Madrid (Ispaniýa) – Ştutgart (Germaniýa)

00:00 Sporting (Portugaliýa) – Lill (Fransiýa)

18-nji sentýabr (çarşenbe)

21:45 Bolonýa (Italiýa) – Şahtýor Donesk (Ukraina)

21:45 Sparta Praga (Çehiýa) – RB Salsburg (Awstriýa)

00:00 Klub Brýugge (Belgiýa) – Borussiýa Dortmund (Germaniýa)

00:00 Seltik (Şotlandiýa) – Slowan Bratislawa (Slowakiýa)

00:00 Mançester Siti (Angliýa) – Inter (Italiýa)

00:00 Pari Sen-Žermen (Fransiýa) – Žirona (Ispaniýa)

19-njy sentýabr (penşenbe)

21:45 Srwena Zwezda (Serbiýa) – Benfika (Portugaliýa)

21:45 Feýenoord (Niderlandlar) – Baýer (Germaniýa)

00:00 Atalanta (Italiýa) – Arsenal (Angliýa)

00:00 Atletiko Madrid (Ispaniýa) – Leipsig (Germaniýa)

00:00 Monako (Fransiýa) – Barselona (Ispaniýa)

00:00 Brest (Fransiýa) – Şturm Gras (Awstriýa)