Şu gün «Merkezi Aziýa — Germaniýa» dialogynyň çäginde geçiriljek ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin Astanada iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen ikitaraplaýyn duşuşygy boldy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň GFR-iň Federal Hökümetiniň Baştutany bilen ilkinji duşuşygydyr.
Hormatly Prezidentimiz bu duşuşygyň türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna baha berip, ony mundan beýläk-de ösdürmek we mazmun taýdan baýlaşdyrmak babatda oňat mümkinçilik bolup durýandygyny belledi. Şunda, ilkinji nobatda, syýasy dialoga üns çekildi. Türkmenistan bilen GFR-iň arasyndaky hyzmatdaşlyk ulgamlaýyn, uzak möhletleýin esasda ösdürilip, dürli ugurlarda ylalaşykdyr şertnamalaryň 90-sy bolan pugta hukuk binýadyna daýanýar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklap, bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň hyzmatyny aýratyn nygtady. Olar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ulgamlaýyn ösdürmek üçin köp işleri alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiz medeniýet, sungat, we döredijilik ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek üçin hem uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.