8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Halkara Migrasiýa Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Sebit edarasynyň direktorynyň orunbasary Dragan Aleksoski bilen iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurdumyzyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, olaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar migrasiýany dolandyrmak babatynda halkara kadalary kanunçylyga ornaşdyrmak we migrasiýa kanunçylygyny iş ýüzünde netijeli durmuşa geçirmek bilen baglylykda Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge içgin gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Şeýle hem taraplar parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatyndaky ähli başlangyçlar we maksatnamalar boýunça hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmäge taýýardygy barada belläp geçdiler. Duşuşygyň dowamynda halkara migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň barha giňeýändigi barada aýdyp, migrasiýa babatdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirdiler.
Çeşme: migration.gov.tm
PDF








