Ýa­po­ni­ýa­da 100 ýa­şyn­dan ge­çen adam­la­ryň sa­ny 95 müň­den ge­çip, re­kord de­re­jä ýet­di. Bir asyr­dan köp ýa­şan­la­ryň 90 gö­te­ri­me go­la­ýy ze­nan­lar. Ýa­po­ni­ýa­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nistr­li­gi­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ýurt­da 83 müň 958 ze­nan, 11 müň 161 er­kek – je­mi 95 müň 119 adam ýüz ýa-da on­dan hem köp ýa­şap­dyr. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýyl­da­ky­dan 2 müň 980 adam köp­dür. Go­laý­da bol­sa, ýurt­da­ky 65 ýaş­dan ýo­ka­ry ila­tyň sa­ny­nyň 36 mil­li­on 25 müň adam bo­lup, re­kord de­re­jä ýe­ten­di­gi mä­lim edi­lip­di. Bu gör­ke­zi­ji ýur­duň ila­ty­nyň 29,3 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär. Ýur­duň ila­ty soň­ky bir ýyl­da 595 müň adam aza­lyp, 124 mil­lio­na dü­şüp­dir.

Ba­har AÝ­DOG­DY­ÝE­WA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.