Baý nebit-gaz ýataklaryna eýe bolan Norwegiýada elektroulaglar üçin uly ýeňillikler berilýär. Şol sebäpli bu ýurt dünýäde ilat sanyna görä iň köp elektroulag satylýan ýurt hasaplanýar. Ýurtda bu ugurda täze sepgide ýetildi. Norwegiýanyň ýol federasiýasynyň (OFV) maglumatyna görä, ýurtdaky 2,8 million hususy awtoulagyň 754 müň
303-si dolulygyna elektrik energiýasy, 753 müň 905-si benzin ýangyjy bilen işleýär. Şeýlelikde, ýurduň taryhynda ilkinji gezek elektroulaglaryň sany benzin bilen işleýänlerden öňe geçipdir.
Maglumatlara görä, ýurtda 1 million töweregi dizel ýangyçly ulag bolup, häzirki ösüşiň dowam eden ýagdaýynda 2026-njy ýylda olaryň sany elektroulaglaryňkydan az bolar.
Aýgözel REJEBOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.