Germaniýanyň Gannower şäherinde Täjirçilik ulaglarynyň halkara sergisi geçirilýär. Bu ýerde täjirçilik maksatly dürli ulaglar – ýük ulaglary we awtobuslar, olara degişli tehnologiýalar görkezildi. Ýük ulaglaryny öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy dürli ýurtlaryndan BMC, BYD, DAF, “Daimler Truck”, Enginius, “Hyundai Motor Company”, IVECO, JAC MOTORS, “Quantron”, “Superpanther”, “Scania”, “Volvo”, “Ford Trucks”, “Tesla” we “Man” ýaly kompaniýalar gatnaşdy. Bu ýerde, esasan, wodorod ýangyjy we elektrik energiýasy bilen işleýän dürli ululykdaky ýük ulaglary görkezildi. Sergä gatnaşýan bilermenler 2030-njy ýyllardan başlap, wodorod ýangyç tehnologiýasynyň bahasynyň has elýeterli boljakdygyny, munuň bolsa, uzak aralyga ýük gatnawyny amala aşyrmaga mümkinçilik berjekdigini belleýärler. Sergide hytaý brendleriniň sanynyň artýandygyny görmek bolýar. Soňky ýyllarda elektroulag önümçiliginde-de hytaý brendleriniň sany artýar.
Sergä bu ýyl 41 ýurtda 1650-den gowrak kompaniýa gatnaşýar. Bu görkezijiniň 2022-nji ýyldakydan 20 göterim köpdügi bellenildi. Sergini görmäge barýanlaryň hem artandygy mälim edildi. Kompaniýa gatnaşan kompaniýalaryň 1 müň 423-si täze önümlerini tanyşdyrdy.