Angliýanyň meşhur “Guardian” neşirine eýeçilik edýän “Guardian Media Group” (GMG) diňe hepdäniň ýekşenbe güni çykýan dünýäniň iň irki gazeti bolan “Observer”-i satmak kararyna geldi. Gazeti satyn almaga isleg bildirýän “Tortoise Media” munuň üçin 25 million funt sterling teklip etdi. 1791-nji ýylda esaslandyrylan “Observer” 1993-nji ýylda GMG tarapyndan satyn alyndy. Neşir şondan bäri “Guardian” bilen bilelikde çykýardy. “Tortoise Media” kompaniýasy bolsa, bäş ýyl ozal “BBC News”-iň ozalky baş redaktory hem-de “Times” gazetiniň ozalky redaktory Jeýms Harding tarapyndan esaslandyryldy.
“1984” hem-de “Haýwan fermasy” ýaly eserleriň awtory Jorç Orwell geçen asyryň ortalarynda “Observer” gazetinde makala ýazypdyr.
Bu barada BBC neşiri habar berýär.