2024-nji ýylyň Buker baýragynyň gysga sanawy yglan edildi. Gysga sanawda alty ýazyjy bar: Reýçel Kuşner (Ýaradylyş köli), Ýael wan der Wuden (Sakçy), Samanta Harwi (Mekan), Enn Maýkls (Held), Şarlotte Wud (Daş howlydaky dileg) we Persiwal Ewerett (Jeýms).
Gysga sanawa giren her bir ýazyjy 2500 funt sterling, ýeňiji bolsa 50 müň funt sterling alar. Dünýäniň islendik ýurdunyň awtorlary tarapyndan iňlis dilinde ýazylan we Beýik Britaniýada ýa-da Irlandiýada neşir edilen çeper eser abraýly baýraga dalaş edip bilýär.
2024-nji ýylyň Buker baýragynyň gowşurylyş dabarasy 12-nji noýabrda geçiriler.