18-nji sentýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan tertibe laýyklykda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersinden bäsleşik geçirildi.
Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, onuň birinji tapgyrynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, welaýatlardan deslapky bäsleşigiň 38 ýeňijisi seçilip alyndy. Ders bäsleşiginiň ikinji tapgyry Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirildi. Onuň jemleri boýunça 1-nji orna Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Aýsona Jumadurdyýewa, 2-nji orna Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Kerimberdi Atageldiýew bilen Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Gülnar Ballyýewa mynasyp boldy. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Maýsa Babaýewa, şol ýerdäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Umyt Mergenow, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Mähriban Babaýewa dagy 3-nji orny eýeledi. Olara 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar, şeýlede aýratyn tapawutlanan ýaşlaryň ençemesine Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan okuwçylaryň paýtagtymyzyň gözel ýerlerine, şol sanda «Aşgabat» seýilgähine gezelençleri guraldy.