20-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hem-de ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek meseleleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 30 müň 998 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de häzirki wagta çenli 5 müň 18 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Bu ynsanperwer häsiýetli çözgütler Türkmenistanyň köptaraplaýyn halkara resminamalary, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň statusy hakynda, Apatridleriň statusy hakynda we Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalaryny üstünlikli berjaý edýändigini aýdyň görkezýär.
Dünýä bileleşigini bu ugurda ýurdumyzyň toplan oňyn tejribesi bilen tanyşdyrmak üçin geçirilmegi meýilleşdirilýän raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ýokary derejeli sebitleýin maslahatyň ähmiýeti has-da artýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyndan hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky ileri tutýan garaýyşlaryndan ugur alyp, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde bu forumy şu ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.
Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, döwletimiziň raýatlygyna kabul edilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 1 müň 146 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Raýatlyk almak üçin hödürlenilýän adamlar 29 milletiň wekilleridir. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryna ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 134 adamyň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Olar 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleridir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, şeýle hem ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalarynyň berilmegi bilen bagly resminamalaryň taslamasy hödürlenildi.
Pasportlary we degişli resminamalary gowşurmak dabarasyny ýakyn günlerde Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek bilen, ýurdumyzda bu ugurda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we 1 müň 146 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana hem-de 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi.