20-nji sentýabrda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat–7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýy we seýilgäh dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Açylyş dabarasyna Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar hem-de myhmanlar gatnaşdylar.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Soňra dabara gatnaşyjylar täze jaýlarda rahat ýaşamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar. Her jaýda täze göçüp gelen maşgalalaryň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary ýygnanyp, şowhunly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Şanly waka mynasybetli milli dessurlar berjaý edildi, öýlerde saçaklar giňden ýazylyp, jaý toýlary tutuldy.
9 gatly, her biri 54 we 36 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda hem-de olaryň enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde döwrebap binagärlik çözgütleri peýdalanylypdyr. Binalaryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylyp, degişli ýol-ulag, inženerçilik-tehniki düzüm göz öňünde tutulypdyr.
Şeýle hem bu ýerde ýaşaýjylaryň mynasyp dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilen seýilgäh guruldy. Seýilgähiň çäginde dürli görnüşli saýaly agaçlar ekilip, ýaşyl zolaklar döredildi. Bu bolsa ýaşaýyş toplumyna aýratyn bezeg berip, ýakymly howa gurşawyny döredýär.
Dabara gatnaşyjylary çagalar aýdym-saz toparlary şowhunly çykyşlary bilen garşy aldylar, şeýle hem türgenler ussatlyklaryny görkezdiler. Dabaranyň dowamynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen maşgalalar we açylyş dabarasyna gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän ägirt uly aladalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.