20-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistany senagat taýdan ösen ýurtlaryň birine öwürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürýän döwrebap önümçilikleri döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Iri gurluşyklary, ykdysadyýetiň pudaklaryny, ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda demir garyndylaryna bolan islegleriň artýandygy bilen baglylykda, häzirki wagtda bu önümi öndürýän zawody gurmak mümkinçiligi öwrenilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna zawodyň gurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmekde, ýerli çig-mal serişdelerimizi rejeli we netijeli peýdalanmakda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz demir garyndylaryny öndürýän zawodyň gurluşyk taslamasy üçin tehniki-ykdysady esaslandyrmany işläp taýýarlamak baradaky teklibi goldady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.