20-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Olimpiýa hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen türgenlerini dünýä derejesindäki ýaryşlara häzirden taýýarlamak we olaryň ussatlygyny kämilleşdirmek, ýokary netijeleri gazanmaklary üçin zerur şertleri döretmek boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti guramaçylyk toparyny döretmegi, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sport toplumynda sportuň görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik sapaklaryny hem-de ýygnanyşyklary guramagy teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty halkara derejede ösdürmegiň, iri sport ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türgenlerimiziň 2028-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmekleri üçin häzirden zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.