Oktýabr aýynda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Ýaşulularyň halkara güni, Hatyra güni, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dürli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlener.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum, Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwaly we beýleki çäreler guralar. Bu barada 20-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.