20-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, geljek hepdede Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň oktýabr aýynda hem dabaraly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy. Foruma gatnaşmak üçin ýokary derejeli myhmanlaryň gelmegine garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz bu ugurda degişli guramaçylyk işleriniň ýola goýulmagynyň möhüm bolup durýandygyny nygtap, halkara forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Buýruga gol çekdi.