20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Yslam ösüş bankynyň (YÖB) prezidenti Muhammad Suleýman Al-Jasser bilen duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň bu bankyň agzasy bolan 30 ýylynyň dowamynda YÖB-niň ýurdumyzda saglygy goraýyş, aragatnaşyk, energetika ýaly ugurlary öz içine alýan 20-den gowrak taslamany maliýeleşdirmäge gatnaşandygy nygtaldy.
Maliýe düzüminiň ýolbaşçysy bilen bolan pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistan üçin Hyzmatdaşlygyň strategiýasyny işläp düzmegiň ähmiýetine üns çekildi. Şeýle-de YÖB bilen Türkmenistanyň banklarynyň, hususy pudagynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ilkinji nobatda, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmek babatynda giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.