Angliýanyň “Premier Ligasynda” “Mançester Sitiniň” “Arsenal bilen 2-2 deňme-deň oýnan duşuşygynda şäherlileriň 1-nji goluny geçiren Erling Holann ýene bir rekord goýup, başga bir ugurdanam rekorda şärik boldy.

Holannyň şol duşuşygyň 9-njy minutynda geçiren goly onuň “Mançester Sitidäki” 100-nji goly hökmünde hasaba alyndy. Holanna “Mançester Sitidäki” 100-nji goluna ýetmek üçin 105 oýun gerek boldy. Bu bolsa Kristiano Ronaldonyň rekordynyň gaýtalandygy diýmekdir. Ronaldo “Real Madridde” ilkinji 100 goluny 105 oýunda geçiripdi. Şeýle-de, Holann APL-de ilkinji 5 tapgyrda 10 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy.