Saud Arabystanynyň çempionatynda 12-nji tapgyryň çäginde soňky çempion “Al-Nassr” öz meýdançasynda “Al-Holud” topary bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda riýadlylar 5-3 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykda “Al-Nassryň” gollaryny 24-nji minutda Anhelo, 38-nji minutda Sadio Mane hem-de 66-njy, 72-nji we 81-nji minutlarda, Kristiano Ronaldo geçirdi. Geçirilen 5 goluň ilkinji 4-siniň asistini Žoao Feliks etdi. Ol SPL-de bir oýunda 4 asist eden ilkinji futbolçy boldy. “Al-Holud” toparynyň adyndan bolsa Hulien Dominges (16, 90+4 p) bilen Anton Essomba (45+2) tapawutlandy.
Oýunda 15 minutda 3 gol geçiren Kristiano Ronaldo karýerasyndaky 67-nji het-trigini etmek bilen 1000 gola gün saýyn golaýlap gelýär. Ol 983-nji, 984-nji hem-de 985-nji gollaryny geçirmegi başardy. Indiki Ronaldonyň öňünde 1000-nji gola ýetmegi üçin 15 goly galdy. Ronaldo şu ýyl ilkinji gezek het-trik edip, oňa geçen ýyl het-trik etmek başartmandy.
Ronaldo çempionatdaky gollarynyň sanyny 8-e ýetirip, 13 golly Iwan Touniden soň 2-nji ýeri Tijani Reýnders bilen paýlaşýar.
Niderland futbolçysy Reýnders hem topary “Al-Kadsiýanyň” myhmançylykda “Al-Riýady” 6-0 ýeňen oýnunda het-trik edip, 1 goluň asistini berdi. Ol oýnuň 18-nji, 56-njy hem-de 89-njy minutlarynda tapawutlandy. Duşuşykdaky beýleki gollary 37-nji minutda Al-Salem, 67-nji minutda Sangare hem-de 87-nji minutda Kuinýones geçirdi. Meksikaly hüjümçi Hulian Kuinýones 2 goluň pasyny hem berip, toparynyň uly hasaply ýeňiş gazanmagynda uly rol oýnady.
Çempionatda Brendan Rojersiň tälimçiligindäki “Al-Kadsiýa” topary 12 oýunda 28 utuk bilen öňde barýar. 1 oýny kem “Al-Nassr” hem 28 utuk toplap, 2-nji ýeri eýeleýär. Şu gije “Al-Hilal” ýeňiş gazansa, onda olar utugyny 30-a ýetirip, sanawyň iň ýokary basgançagyna çykar.
PDF








