“Goldman Sachs” amerikan maliýe edarasynyň taýýarlan maglumatyna görä, Hytaýda şu ýylyň ahyryna çenli öýde saklanýan it-pişik, guş we beýleki jandarlaryň sany dört ýaşyndan kiçi çagalaryňkydan köp bolar. Maliýe edarasynyň hünärmenleri öýdeçi jandarlara berilýän iýmitlere bolan islegiň artmagy bilen bagly maglumat taýýarlanda, şeýle çaklamanyň üstünden barypdyrlar. Çaklama görä, onýyllygyň ahyrynda ýurtdaky öýdeçi jandarlaryň sanynyň 70 milliondan geçmegine, dört ýaşdan kiçi çagalaryň sanynyň bolsa, 40 milliondan az bolmagyna garaşylýar.
Resmi maglumatlara görä, 2017-nji ýylda ýurtda dört ýaşdan kiçi çagalaryň sany 90 million, şäher ýerlerinde öýde saklanýan jandarlaryň sany 40 million töweregidi. Şeýle hem çaklamalara görä, 2030-njy ýyla çenli çaga dogluşynyň ortaça 4,2 göterim azalmagyna garaşylýar.
Ýurtda öýdeçi jandar saklaýanlaryň ýarysyna golaýyny 23-33 ýaş aralygyndaky ilat emele getirýär. Ýurtda 2030-njy ýyla çenli öýdeçi jandar iýmiti 12 milliard dollarlyk bazary emele getirer.