ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Türkmenistanda dolandyryş işleri” taslamasy we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň esasy ministrlikleriniň we maliýe gözegçilik edaralarynyň işgärleri üçin Gazagystan döwletine tanyşlyk-tejribe alyşmak üçin iş sapary amala aşyryldy.
Bu iş saparynyň maksady Türkmenistanyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine hem-de korrupsiýa garşy göreşmek boýunça tagallalaryň netijelerini artdyrmakdan ybarat bolup durýar.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Içeri işler, Adalat, hem-de Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň, Maliýe gözegçilik gullugynyň, şeýle hem Baş prokuraturanyň wekillerinden ybarat bolat iş saparyna gatnaşyjylar Gazagystandaky kärdeşleri bilen maliýe gözegçiliginiň netijeli strategiýasyny öwrenmek boýunça tejribe alyşdylar. Türkmen wekiliýetiniň agzalary Gazagystanyň pudaklaýyn tejribesi we pudagara hyzmatdaşlygy barada tejribe alyşmak bilen, Gazagystanyň milli töwekgelçilige baha bermek usullaryny öwrendiler.
Esasy üns berlen ugurlar maliýe gözegçiligi, parallel maliýe aňtawçylyk işi, ahyrky benefisiar eýeleri ýüze çykarmak we Astana halkara maliýe merkeziniň üsti bilen wirtual aktiwleri düzgünleşdirmekden ybarat boldy. Wekiliýet şeýle hem Gazagystanyň Baş prokuraturasy we Korrupsiýa garşy göreşmek boýunça gullugy bilen duşuşyp, korrupsiýanyň we aktiwleriň yzyna gaýtarylmagynyň mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu iş sapary Türkmenistanyň korrupsiýa garşy göreşmek we maliýe gözegçiligini güýçlendirmekde, şeýle hem USAID-iň we ÝHHG-niň sebitde dolandyryş işini we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny güýçlendirmekde möhüm ädim boldy.