2025-2026 okuw ýyly üçin FLEX maksatnamasynyň bäsleşigine gatnaşmaga aşakdaky talaplara laýyk gelýän ýokary synp mekdep okuwçylary çagyrylýar:
• 2007-nji ýylyň mart aýynyň 15-den 2009-njy ýylyň maý aýynyň 31-i aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler. Möhüm: soňky synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler.
• Häzirki wagtda mekdepde okaýan we mekdep ýetişigi gowy bolan okuwçylar;
• Iňlis dilini gowy bilýän;
• ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýan;
• Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.
Synaglaryň rejesi
Bäsleşigiň geçirilýän ýeri | Güni | Wagty | Mekdebi |
Türkmenbaşy, Balkan welaýaty | 13-nji oktýabr, 2024 | 09:00 | Mekdep № 10, Türkmenbaşy ş. |
Daşoguz, Daşoguz welaýaty | 20-nji oktýabr, 2024 | 09:00 | Mekdep № 2, Daşoguz ş. |
Mary, Mary welaýaty | 27-nji oktýabr, 2024 | 09:00 | Mekdep № 19, Mary ş. |
Balkanabat, Balkan welaýaty | 3- nji noýabr, 2024 | 09:00 | Mekdep № 3,Balkanabat ş. |
Türkmenabat, Lebap welaýaty | 10-njy noýabr, 2024 | 09:00 | Mekdep № 2, Türkmenabat ş. |
Aşgabat, Ahal welaýaty | 17-nji noýabr, 2024 | 09:00 | Мekdep № 20, Aşgabat ş. |
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar ýany bilen hökmany ýagdaýda dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň asyl nusgasyny ýa-da pasportyny, ýakynda düşülen 3×4 ölçegli bir fotosurat, ruçka we synaglara hökmany ýagdaýda mekdep lybasynda gelmeli.
*Öz şäherinde «FLEX» maksatnamasyna gatnaşyp bilmedik okuwçylar Aşgabat şäherinde geçiriljek «FLEX» maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna gatnaşyp bilerler, ýöne bäsleşigiň 1-nji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşmaklyga rugsat edilýär.
Goşmaça maglumat üçin habarlaşyp bilersiňiz:
Tel: (+99312) 36-90-16; (+99363) 50-20-36;
El.poçta: flex.tm@americancouncils.org;
web-sahypa: https://americancouncilstm.org/flex