Tomusda erkin agent görnüşde 21 ýyldan soň ýokary liga çykan “Komo” topary bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşan fransiýaly Rafael Waran garaşylmadyk ýagdaýda 31 ýaşynda karýerasyny tamamlandygyny habar berdi. Ol soňky ýyllarda yzygiderli alýan şikesleri sebäpli şeýle karara gelendigini aýtdy. Professional karýerasyna 2010-njy ýylda ýurdunyň “Lans” toparynda başlan Waran 2011-nji ýylda 11 million ýewro “Real Madride” transfer bolýar. Ol bu klubda 10 ýyl çykyş edýär. 360 oýunda 17 gol geçiren Waran ispan toparynyň düzüminde 4 gezek Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazanýar. 2021-nji ýylda 40 million ýewro “Mançester Ýunaýtediň” düzümine goşulan Waran 3 möwsüm iňlis toparynda 95 gezek meýdança çykýar. Umumylykda 14 möwsüm çykyş eden Waran goragçylar üçin juda ir hasaplanýan 31 ýaşynda professional futboly taşlaýar. Waran Fransiýanyň milli ýygyndysynda 93 oýunda 5 gezek tapawutlanýar. Ol 2018-nji ýylda gazanylan Dünýä Kubogynda hem-de 2021-nji ýylda UEFA Milletler Ligasynyň çempionlygynda milli toparyň esasy ýyldyzlarynyň biridi. Waran karýerasy boýunça 22 kubok gazandy.

Waran “Komo” toparynda diňe kubok ýaryşynyň çäginde 1 oýunda meýdança çykýar.