Angliýanyň Liga Kubogy ýaryşynda (EFL Cup) 1/8 finalda “Mançester Siti” öz meýdançasynda “Braýton” bilen duşuşyp, esasy wagty 2-2 hasabynda tamamlanan oýunda 11 metrlik urgularynda öňe saýlandy (5-3). “Liwerpul” bilen “Çelsiniň” arasyndaky oýnuň esasy wagtynda-da ýeňiş gazanan bolmady (1-1, Gakpo 43 p – Rojers 40 p). Oýundan soňky 11 metrlik urgularyny has dürs uran “Liwerpul” topary çärýek finala çykdy (6-5). “Bornmut” “Aston Willany” 3-0, “Kristal Palas” myhmançylykda “Fulhamy” 1-0, “Sanderland” bolsa “Brentfordy” 3-2 hasaplar bilen ýeňip, iň gowy 8 toparyň arasynda goşuldylar. 3-nji liganyň iki wekili “Bredford Siti” bilen “Piterboro Ýunaýtediň” arasyndaky duşuşykda ýer eýeleri 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy. “Ewerton” bilen Nýukaslyň arasyndaky duşuşyk soňky çärýek finalçyny kesgitlär.
PDF








