“Real Madridiň” “La Ligadaky” ýeňlişsizlik seriýasy dowam edýär. 7-nji tapgyrda “Alawesi” 3-2 hasabynda ýeňen “Real Madridiň” tälimçisi Karlo Ançelotti “La Ligada” 39 oýunlap ýeňilmedik ilkinji tälimçi hökmünde hasaba alyndy. Ol bu ugurda Alberto Ormaeçeanyň rekordyny täzeledi. Ormaeçea 1979-1980-nji ýyllarda “Real Sosiedad” topary bilen 38 oýunda ýeňilmändi.
Yzly-yzyna ýeňilmezlik seriýasy 43 oýun bilen “Barselona” degişli bolsa-da, katalonlar bu görkezijä 2 tälimçi bilen ýetipdi. “Barselonanyň” bu seriýasy 2017-nji ýylda Luis Enrike bilen başlap, 2018-nji ýylda Erneste Walwerde bilenem ýeňilýänçä dowam edipdi. Ýagny 43 ýeňlişsiz duşuşygy 2 tälimçi paýlaşypdy.
Şeýle-de, “Real Madrid” – “Alawes” duşuşygy Karlo Ançelottiniň ähli ýaryşlary hasaba alanyňda klubdaky 300-nji duşuşygy hökmünde hasaba alyndy. 300-nji duşuşygynda rekord goýan Ançelotti şol 300 oýnuň 216-synda ýeňiş gazandy. 45 duşuşykda deňme-deň netije görkezip, 39 oýunda-da utuldy. Ançelotti şol 300 oýunda jemi 14 kubok gazandy.