Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtdan paýly halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny täze zähmet üstünliklerine beslenýär. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän özgertmeler Türkmenistan döwletimiziň dünýä giňişliginde at-abraýynyň barha belende galmagyna mümkinçilik berýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna laýyklykda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary depginli ösüşler üznüksiz dowam edýär. Döwletimiziň ykdysady ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ähli ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk ýyllygyna gabatlanyp ulanylmaga berlen we ýakyn ýyllarda beriljek birnäçe binalardyr, desgalary, ýaşaýyş jaý toplumlaryny, şeýle hem Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesillerimiz üçin açylyp ulanylmaga berlen täze ajaýyp mekdeplerimiz aýdylanlaryň aýdyň beýany bolup durýar. Eziz Watanymyz gojaman taryh üçin örän gysga bolan Garaşsyzlyk ýyllarynda asyrlara barabar şan-şöhratly ýoly geçdi. Bu geçilen ýyllarda bitirilen işler, ýetilen sepgitler döwlet Baştutanymyzyň saýlap alan ýolunyň dogrudygyndan, amala aşyrylýan maksatnamalaryň hem ýerine düşýändiginden habar berýär. Berekede baý, güneşli ülkämizde ruhubelentlik bilen bellenilip geçilýän şanly baýramçylyklar ykbaly göterilip, röwşen geljegini nazarlap, beýik ösüşlere tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar döwletimiziň, bagtyýar milletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny äleme ýaýýar. Bellenilýän toý-baýramçylyklar diňe bir bagtyň, şatlygyň däl-de, eýsem, agzybirligiň, jebisligiň, yranmaz döwletliligiň aýdyň nyşany bolup durýar. Mähriban Watanymyzyň bagtyýar halky şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň dabaraly bellenilýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir gününi yhlasa hem-de päk zähmete besleýär. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň agzybir halkynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan ýeňişlerini, ýeten belent sepgitlerini bu günki günde bütin dünýä görýär we ykrar edýär. Ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň pugtalanmagyna ýardam berjek ýol-ýörelgeleri saýlap alyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýewi, hukuk we demokratik döwletiň syýasy, ykdysady we ruhy binýadyny goýdy. Goňşy we beýleki döwletler bilen özara bähbitli, dostlukly gatnaşyklarymyz hem gün-günden ösýär” diýip belleýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçilen ýollara, ýetilen sepgitlere aýdyň göz ýetirmek, durmuşa geçirilen ägirt uly taslamalaýyn belent işleri ýatlamak örän ýakymlydyr. Amala aşyrylýan ägirt uly taslamalar giň göwrümliligi, milliligi we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň her obanyň, şäheriň, welaýat we etrap merkezleriniň gülläp ösmegini üpjün etmek boýunça alyp barýan döwletli tutumlary halkymyzyň bagtyýarlygynyň aýdyň subutnamasydyr. Her bir türkmeniň bu günki günde buýsançly başynyň täji, ýürek buýsanjy, ömrüniň manysy bolup, dünýä şugla saçýan Garaşsyz, hemişelik, baky Bitarap Watanymyz ýurt Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda syýasy, ykdysady we medeni taýdan dünýäniň has çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäni baş şygara öwrüp, ähli aýdanlaryny iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň oňyn netijeleri Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilýän miweleridir.
Umuman sözümizi jemläp aýtsak, biz ýaşlary okamaga, işlemäge, döretmäge, halal zähmet çekmäge ruhlandyrýan, türkmen halkyny nurana ertirlere ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan döwletli tutumlary üstünliklere, rowaçlyklara beslensin! Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy hem gutly bolsun, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyz rowaçly menzillere ýetsin!
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.