27-nji sentýabrda Türkiýäniň Söwda palatalary we haryt biržalary binasy, şeýle hem «Atakule» gözegçilik diňi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňklerine boýaldy. Uly ekranda görkezilen wideoşekilde Türkmenistanyň özygtyýarly ösüş ýyllarynyň gazananlaryny ýaýbaňlandyrdy.
Şol gün Moskwanyň Täze Arbat köçesindäki binalar hem türkmen milli baýdagynyň reňklerinde yşyklandyryldy. Bu çäre iki ýurduň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň nyşanyna öwrüldi.