TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY, BILIM MINISTRLIKLERI, BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI TÜRKMENISTANYŇ SÖWDA-SENAGAT EDARASY BILEN BILELIKDE ŞU ÝYLYŇ 9 — 12-nji OKTÝABRYNDA «SAGLYGY GORAÝYŞ, BILIM WE SPORT BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE» ATLY HALKARA SERGINI GEÇIRÝÄR

Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar. 

Serginiň iş wagty:

9-njy oktýabrda sagat 13:30-dan 18:00-a çenli; 

10-njy oktýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli; 

11-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli; 

12-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 14:30-a çenli.

Sergi Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherçesiniň Dolandyryş müdirliginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň çäginde geçirilýär. 

Salgysy: Aşgabat şäheri, Olimpiýa şäherçesiniň 9-njy jaýy. 

Habarlaşmak üçin telefon: 46-18-66. 

Faks: 48-23-40.