1-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz sebiti boýunça ýörite wekili Isikawa Masakiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar yzygiderli ýokary derejedäki syýasy dialoga esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini bellediler. Şunuň bilen baglylykda sebitleýin we halkara düzümleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ileri tutulýan ugurlara garaldy. «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň ähmiýeti nygtaldy.
Diplomatlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa amala aşyran saparyna ünsi çekip, parlamentara gatnaşyklaryň netijeliligini bellediler.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Gaz himiýasy we ulag pudagynda, şol sanda iki ýurduň gatnaşmagynda maýa goýum taslamalarynda oňyn tejribe bellenildi. Golaýda Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçiriljek “EXPO 2025 Bütindünýä” sergisine taýýarlyk meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, taraplar ýakyn geljekde meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleri öz içine alýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar ylymda we medeniýetde özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler.