UEFA Çempionlar Ligasynda 2-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Sişenbe gününiň iň ýatda galan netijesi Dortmundda hasaba alyndy. “Borussiýa” topary öz meýdançasynda “Seltik” toparyndan 7-1 hasabynda üstün çykdy. 7-nji minutda Emre Janyň penalti goluna 9-njy minutda Maeda bilen jogap beren şotlandlar Adeýemi hem-de Girassini durzup bilmediler. 11-nji, 29-njy we 42-nji minutlarda tapawutlanan Karim Adeýemi het-trik etdi. Girassi bolsa 40-njy (p) hem-de 66-njy minutlarda topy derwezä girizdi. 79-njy minutynda toparyň 7-nji goluny geçiren Nmeça oýna soňky nokady goýdy. “Borussiýa Dortmund” topary “Bawariýadan” soň şu möwsümde ýaryşyň iň uly 2-nji uly hasaply ýeňşini gazandy.