Ýurtda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, azyk bolçulygyny döretmek halkymyzyň abadan, bolelin durmuşyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady syýasatynda bu ugra uly üns gönükdirilýär. 2015-nji ýylda üçünji müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri hökmünde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanan üstünligi üçin ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ýörite baýragyna mynasyp boldy. Azyk ulgamyny ösdürmek meselelerini netijeli çözmek maksady bilen, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasy durmuşa geçirilýär.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012–2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň”, şeýle hem ösüşiň pudaklaýyn maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi häzirki zaman önümçilik toplumlarynyň köpelmegine täsir etdi. Çünki bu maksatnamalary durmuşa geçirmäge ykdysadyýetiň hususy ulgamy giňden çekilýär. Oba hojalygynda onuň paýy 90 göterimden geçýär.
Häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän maldarçylyk toplumlary, ýyladyşhana hojalyklary, un üweýän elewatorlar, çörek, aş, et we süýt önümleriniň, ösümlik ýagynyň, peýniriň, şöhlatyň dürli görnüşlerini öndürýän önümçilik kärhanalary ilatyň azyk bolçulygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Meselem, 2014-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde Ahal welaýatynda, “Abadan” daýhan birleşiginiň çäginde “Sahabatly” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan iri maldarçylyk toplumynyň açylmagy bu ugurda ilkinji tejribeleriň biri boldy. Ýylda 2 müň tonna süýt we süýt önümlerini hem-de 30 tonna et önümlerini öndürmäge önümçilik kuwwaty bolan bu toplum häzirki zaman hojalyklaryň biridir. Bu desgany gurmak üçin maldarçylyk fermasyna 9 gektar ýer hem-de ýorunja, mekgejöwen, arpa we beýleki iýmlik ekinler ekmek üçin 400 gektar ýer bölünip berildi.
Mundan başga-da, Ahal welaýatynda mallar we guşlar üçin azyklyk goşundylary bilen baýlaşdyrylan iýmleri öndürýän döwrebap kärhana we iri şahly ýaş mallary bakmak üçin maldarçylyk fermasy işe girizildi. Bäherden etrabynda her ýyl 20 müň tonna süýt we 100 tonna et önümlerini öndürýän maldarçylyk toplumy işleýär. Ol ýokary hilli sygyr etini öndürmäge ýöriteleşdirilendir. Bu etrapda kuwwaty ýylda 100 tonna et önümlerini öndürmäge niýetlenen ýene bir mal bakýan hojalyk döredildi. Şeýle toplum Daşoguz welaýatynda-da guruldy. Ol 500 baş tohum maly saklamaga hem-de ýylda 2 müň tonna süýdi we 120 tonna eti gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Häzirki wagtda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda täze maldarçylyk toplumlary gurulýar. Olaryň her biriniň ýyllyk kuwwaty 200 tonna önüme deňdir. Bu desgalary şu ýylyň iýunynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
Şol birwagtda guşçulyk pudagy hem ösdürilýär. Bu ugurda ençeme ýöriteleşdirilen kärhanalar, şol sanda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän “Guş toplumy”, Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky hem-de Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky guşçulyk toplumlary bar. Täze gurulýan şeýle kärhanalaryň tapawutly aýratynlyklary ot-iýmlik ekinleri ýetişdirmekden, iýmlik goşundylary öndürmekden we satyn almakdan başlap, et, süýt, ýumurtga önümlerini hem-de ýarym taýýar önümleri gaýtadan işläp ýerlemäge çenli toplumlaýyn çemeleşmelerdir. Bu önümleriň bahalarynyň arzan, elýeterli bolmagy kärhananyň düşewüntli bolmagyny üpjün edýär.
Önümçilikde öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy gök önümleri goňşy ýurtlara ibermek üçin hem mümkinçilik döredýär. Geçen ýyl Daşoguz welaýatynyň S.A. Nyýazow adyndaky etrabynyň “Döwletli” daýhan birleşiginde täze ýyladyşhana hojalygy bina edildi. Dört gektar meýdanda ýylda 800 tonna pomidor, şol sanda bu gök önümiň ýerli we daşary ýurtda ýetişdirilýän görnüşlerini öndürmek göz öňünde tutulýar, olaryň şitilleri ýyladyşhanada ýetişdiriler.
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän kärhananyň düzüminde gaplanylan gök we miwe önümlerini taýýarlaýan iki zawod, şeýle hem alkogolsyz içgileri we arassa agyz suwuny öndürmek boýunça zawodlar bar. Mürçe daýhan birleşigindäki 100 gektar meýdanda armyt, alma, ülje, garaly, şetdaly, erik we üzüm agaçlary ekildi. Ol ýerdäki ýyladyşhana hojalygyndan her günde gök önümler paýtagtymyzyň söwda nokatlaryna iberilýär.
Döwlet buýurmalaryna laýyklykda, 5 ýylyň dowamynda oba hojalyk önümlerini ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün eden daýhanlara ýerleriň uzakmöhletleýin kärendesine berilmegi, bu pudakda oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň döredilmegi azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna, gurply ýer eýeleriniň, daýhan hojalyklarynyň kemala gelmegine uly ýardam berýär.
Gurbantäç MYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy.