Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän baý taryhy mirasyny dikeltmäge, milli binagärlik sungatynyň täsin aýratynlyklaryny açyp görkezmäge we wagyz etmäge saldamly goşant hökmünde okyjylarda çuňňur gyzyklanmalary artdyrdy. Ylymda, işde, okuwda, durmuşda uly ähmiýete eýe bolan bu kitap bagtyýar döwrümiziň nesillerini ata-babalarymyzyň ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir.
Hakyň nazar salan türkmen topragynda bina edilen ýadygärlikler ata-babalarymyzyň akyl-paýhasynyň, tutanýerliliginiň hem-de hünär ussatlygynyň ajaýyp miwesidir. Nijeme müňýyllyklaryň ýel-ýagmyrlaryny başdan geçirip, biziň şu günlerimize gelip ýeten gadymy binalar pederlerimiziň neneňsi ussat bolandyklaryna şaýatlyk edýär.
Şeýle ussatlaryň mekdebiniň has ösen ojaklarynyň biri hem gadymy Daşoguz topragydyr. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tutuş bir bölümini “Daşoguzyň gadymy topragynda” diýip atlandyrmak bilen, bu gadymy künjegiň at-owazasyny äleme ýaýan ylmy merkezler, medeni desgalar, mizemän saklanyp duran ýadygärlikler hakynda düýpli pikirleri ýöredýär. Şeýle ýadygärlikleriň biri-de Daşoguz topragynda özüniň gözelligi, binagärlik keşbi bilen göreni haýran edýän Törebeg hanymyň mawzoleýidir.
Milli Liderimiz kitabynda bu gadymy ýadygärlik hakynda söhbet açyp, şeýle ýazýar: “Törebeg hanymyň aramgähi Gutlug Temiriň minarasynyň golaýynda ýerleşýär, ol Köneürgenjiň iň haýran galdyryjy, täsin ýadygärligi hökmünde bellenilmäge doly mynasypdyr. XIV asyrda gurlan bu ýadygärlik orta asyrlaryň binagärliginiň gaýtalanmajak gözelligi bolup, biziň günlerimize çenli gowy saklanypdyr. Öň hiç wagt hem Orta Aziýanyň binagärliginde bular ýaly görnüşler – täsin galdyryjy haşamly girelgeler, bezegler, ýagny akylyňy haýran galdyrýan bir çeperçilik nusgasyna tabynlykdaky giňişligi döretmekdäki erkinlik duýulmaýardy”.
Hawa, Törebeg hanymyň aramgähi töwerege ýalkym berip otyr. Mawzoleýiň gurluşynyň täsin hili, dekoratiw tärleri we onuň haýran galdyryjy mozaikasy Horezmiň XIV asyrdaky gurluşykçylarynyň we dekoratorlarynyň adatdan daşary ýokary sungatyny häsiýetlendirýär.
Hormatly Prezidentimiz Törebeg hanym hakyndaky söhbetiniň dowamynda ol hakda halk içinde saklanyp galan rowaýat hakynda söhbet açýar. Rowaýatda Törebeg hanymyň patyşanyň gyzy bolandygyny, haçan-da, patyşa aradan çykandan soň, ýurdy gyzynyň dolandyryp başlandygyny, onuň köp wagtlap durmuşa çykmandygyny gürrüň berýär. Gülgerdan atly bir ussa gyza göwün berýär. Gulgerdan ussa gyza hiç bir ýerde gabat gelmeýän, deňi-taýy bolmadyk owadan binany gurup bermegi wada berýär. Şeýdip, ussa ýigit ilki bir bina galdyrýar. Galdyran binasy gyzyň göwnünden turmansoň, ikinji bir gözel bina gurýar. Ahyrda Şerif şyh atly bir dana gelip, ol binany özüne bermegini Törebeg hanymdan haýyş edýär. Kitapda bellenilişi ýaly, Törebeg hanym oňa: “Bolýar, ýöne sen bu binanyň içini altyndan doldurmaly bolarsyň” diýýär. Keramatly şyh binanyň gümmezine çykyp, ýeňini onuň depesindäki yşdan aşak sallaýar. Şol pursatda onuň ýeňiniň ujundan tyllalar dökülip, binany doldurýar.
Dökülen tyllalary ýedi bölege bölüp, mätäçlere paýlaýarlar. Ussa galan tyllalaryň hasabyna ymarat gurmaga başlapdyr. Iş tamam bolandan soňra gyzdan wadasynda durmagy towakga edipdir. Tekepbir gyz bolsa, ondan binanyň ýokarsyndan özüni oklamagy buýrupdyr. Eger diri galan ýagdaýynda bolsa, oňa durmuşa çykjakdygyny aýdypdyr. Ussa hökümi ýerine ýetirip, aşak bökýär. Ýigit birnäçe gün bimarlykda ýatýar. Şol halatda ýaşulular Törebeg hanyma onuň ýanyna baryp, halyndan habar almagy tabşyrýarlar. Tabşyryga laýyklykda, Törebeg hanym ýigidiň ýanyna baryp, üç sapar “Men seniňki” diýip aýdýar. Şol pursatda ýigit jan berýär. Kitapda: “Häzirki Törebeg hanymyň gubyrynyň aşagynda ussanyň jaýlanan ýeri bar, onuň ýanynda şol wagt Törebeg üçinem ýer goýupdyrlar diýip gürrüň berýärler” diýilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ellerden düşmän okalýan “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby şeýle taryhy gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini açyp görkezýär. Kitapda beýan edilýän her bir waka okyjyny geçmiş taryhymyzyň jümmüşine alyp gidýär hem-de kalplarda egsilmejek buýsanç döredýär.
Altynaý NYÝAZOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.