Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji oktýabrynda Halkara ýaşulular gününi milli aýratynlyklarymyza laýyklykda BMG-niň düzümine girýän ähli döwletler bilen bilelikde halkara derejesinde belläp geçmek asylly däbe öwrüldi. Bu şanly sene BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda yglan edildi. Şol resminama bolsa 1982-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan tassyklanan Wena Garrylyk Hereket meýilnamasynyň kadalarynyň durmuşa geçirilmeginiň amalyýeti bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşululara hormat-sarpa goýmak, mertebesini belent tutmak asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçip gelen asylly ýörelgämiz bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ony mynasyp dowam etdirýäris» diýip belleýşi ýaly, ajaýyp zamanamyzda ýaşuly nesliň hormaty örän uludyr. Olara hormat goýmak, görüm-göreldesine eýermek, pähim-paýhaslaryna gulak asmak biz ýaşlar üçin görelde mekdebidir. Aslynda, halkymyz bir işiň başyna barjak bolanda, ilki bilen, ýaşulularyň maslahatyny alýarlar. Olaryň berýän öwütleri ýaşlary dogry ýoldan ýöremegi, ýagşyny-ýamany saýgarmagy, kynçylykly ýagdaýlardan baş alyp çykmagy ündeýär.
Ula hormat goýmagyň ýaşkiçilere bolan söýgüden başlanýandygyny ündeýän halkymyz agzybirligi, jebisligi, birek-biregi hormatlamak düşünjeleri berkidipdir. Bu ýörelge ajaýyp zamanamyzda has ösýär, kämilleşýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda geçirilýän döwletli tutumlaryň başy başlananda, il sylagly ýaşulularymyza sala salnyp, kümüş saçly enelerimiziň ündewleriniň diňlenilmegi hem aýdyň subutnamadyr. Ýaşulularyň tejribesine daýanmak, döwletli işlerde olaryň ak patasyny almak rowaçlygyň özenidir.
Türkmençilikde il-ýurt ähmiýetli wajyp meseleleriň geňeşçisi bolan ýaşuly nesil döwlet tarapyndan aýratyn alada, gyzgyn mähir bilen gurşalýar. Giň möçberli milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, ýaş nesli halkymyzyň mirasyna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik häsiýetlerinde terbiýelemekde aýratyn hyzmatlary bitirýän, durmuşda asylly görelde görkezýän ata-enelerimiz döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar. Olaryň alýan döwlet kömek pullarynyň we pensiýalarynyň möçberleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.
Pähimdar danalarymyzyň döreden «Garryly öý – gaznaly öý», «Ýaşa – hyzmat, garra – hormat», «Ýigit – söweşde, garry – geňeşde» ýaly nakyllary biziň günlerimizde aýratyn ähmiýete eýe. Alym Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Gojalarymyzyň, mähriban enelerimiziň senaly dilinde hem ilki bilen agzybirlik bilen baş saglygy bar. Agzybir ilimiziň ata-baba ýörelgelerini dowam etdirip, öz döwletli ojaklarynyň, kuwwatly türkmen döwletiniň abraýyna abraý goşýandyklary çäksiz begendirýär» diýip, belleýär.
Kakajan AÝDOGDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.