Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyzyň ykbalynyň özgermegine eden täsiri uludyr.
1991-nji ýylyň sahawatly güýzünde türkmen halky döwletliligiň, erkinligiň, galkynyşyň aýdyň ýoluna düşüp, ata-babalarymyzyň arzuwlan berkarar döwletine eýe boldy.
Garaşsyzlygyň ilkinji gününde ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, jebislik, milli demokratik ýol-ýörelgelerini döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde saýlap aldy. Bu ýol-ýörelgeler dünýäniň ähli döwletleri tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy. Taryh üçin gysga döwrüň içinde ýurdumyzda asyrlara barabar amal edilen işler onuň abraý-mertebesini ýokary belentliklere ýetirdi. Bu üstünlikler milli Garaşsyzlygyň täze, ak ýolunda ynamly gadam urýan ýurdumyz üçin adamzat ýaşaýşynyň umumy öýi bolan Ýer togalagynda bagtyýar ýaşaýşyň gapysyny açdy.
Milli Garaşsyzlygymyzy gazananymyza 33 ýyl doldy. Bu ýyllar içinde milli ykdysadyýetimizde, gurluşykda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda, bedenterbiýe we sport ulgamynda, ulag-aragatnaşyk, medeniýet we beýleki ähli ulgamlarda amal edilen işler sanardan kändir.
Milli senenamamyzyň iň naýbaşy baýramçylygy – Garaşsyzlyk güni tutuş ýurdumyzda giň gerimde bellenildi. Il-ulsumyz bilen birlikde, dünýä jemgyýetçiligi hem bu baýramyň şatlygyna goşuldy. Soňky ýyllarda dostlukly döwletlerde iri şäherleriň belent başly binalaryny Türkmenistanyň Döwlet tugunyň ýalkym saçýan şekilinde bezäp, türkmen halkyny milli baýramy bilen gutlamak asylly däbe öwrüldi. Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli bellenilen gününde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän dünýäniň iň beýik «Burj Halifa» binasynyň ýüzünde ýurdumyzyň döwlet baýdagynyň şekiliniň şöhlenendirilmegi beýik binalaryň özboluşly ýaraşygyna öwürdi. Örän täsirli şöhlelenme beýikligi 828 metre deň bolan binanyň türkmen gölleri we bäş ýyldyzly ýarymaý şekili bilen öwüşgin atýan al-ýaşyl sütüne öwrülmegi iki ýurduň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Dubaýda ýerleşýän 163 gatdan ybarat bolan «Burj Halifa» diňi myhmanhana otaglaryny, restoranlary, kafeleri we edaralary öz içine alýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkiýäniň Söwda palatalary we haryt biržalary binasy, şeýle hem «Atakule» synlaýyş diňi we Moskwanyň Täze Arbat köçesindäki binalar Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňklerinde yşyklandyryldy.
Bu çäreler dostlukly ýurtlaryň arasyndaky däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklaryna, şeýle hem türkmen halkyna çuňňur hormatyny ýene bir gezek görkezdi.
Ýurdumyzyň durmuşynda bolan bu taryhy waka ykbaly şu mukaddes topraga bagly bolan her birimiziň kalbymyza ganat, göwnümize hyruç, zybanymyza ylham berendigi mälimdir. Bu şanly waka bagyşlap ilkinji bolup eser döreden Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew «Garaşsyz» diýen goşgusynda onuň ähmiýetini sazlaşykly setirlere salyp, türkmen halkyna sowgat etdi. Bu goşgy şirin aýdyma öwrülip, dillerde ýaňlanýar.
Goý, güller açylsyn sähraň ýüzünde,
Asmanam, goý, rahmet nuruny saçsyn.
Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde
Türkmenistan – ata mekan Garaşsyz!
Goý, mukaddes Watanymyzy milli Garaşsyzlygyň ýoly bilen öňe ilerledip, halkyny Gün kimin çoýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri zyýada bolsun.
Sapaguly Welbekow,
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap prokuraturasynyň uly sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.