«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 35 ýyl­ly­gy ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­lik­de baý­ram edil­di.
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de ýur­du­myz­da asyr­la­ra ba­ra­bar be­ýik iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Tä­ze jem­gy­ýe­tiň bin­ýa­dy tu­tu­lyp, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, aba­dan ýa­şaý­şy­ny ber­ka­rar et­mek ug­run­da ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Bu be­dew bat­ly ösüş­le­re türk­men ýaş­la­ry hem my­na­syp go­şant goş­ýar­lar.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň şu ýy­lyň 2-nji sent­ýab­ryn­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Ru­hy­ýet köş­gün­de Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni hem-de tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ren okuw sa­pa­gyn­da be­ren öwüt-ün­dew­le­ri­dir sar­gyt­la­ry bag­ty­ýar ýaş­la­ry­myz­da uly buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­ret­di.
2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Ga­raş­syz­lyk ýur­du­my­zyň ýaş nes­li­niň röw­şen gel­je­gi­niň yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy­na öw­rül­di. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­za eýe bo­lan şol ar­zy­ly güýz pas­ly­nyň no­ýabr aýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky ýaş­lar gu­ra­ma­sy dö­re­dil­di. Ga­raş­syz­ly­gyň sa­ýa­syn­da ke­ma­la ge­len ýaş­lar bu gün­ki gün halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ryn­da yh­las­ly, ha­lal zäh­met çe­kip, ata Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant goş­ýar­lar.
Bag­ty­ýar ýaş­la­ry­my­zyň dür­li ugur­lar­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri ýur­du­myz­da iş­jeň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň aý­dyň ne­ti­je­si­dir. 2021-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2021-2025-nji ýyl­lar üçin döw­let Mak­sat­na­ma­sy­nyň we şol mak­sat­na­ma­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­ri­ň me­ýil­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi bag­ty­ýar ýaş­la­ryň dur­mu­şy­na aý­ra­tyn maz­mun ba­gyş­la­dy, ola­ryň dur­muş de­re­je­si­ni go­wu­lan­dyr­mak ba­bat­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­ri has-da iler­let­di. 2023-nji ýy­lyň «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň de­li­li­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­la­ryň be­den taý­dan sag­dyn, ru­hy taý­dan baý bo­lup ke­ma­la gel­me­gi, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­me­gi, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­kar­ma­gy, döw­re­bap bi­lim al­ma­gy ba­bat­da ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň ka­bul edil­me­gi bu ugur­da ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­nyň yzy­gi­der­li ber­ki­dil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Şeý­le hem ýaş­lar sy­ýa­sa­ty çyg­ryn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek ba­bat­da hem ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. 2023-nji ýy­lyň aw­gust aýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä Ýaş­lar jem­gy­ýe­ti­niň res­mi ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­me­gi Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň pa­ra­hat­çy­lyk tag­ly­ma­ty­nyň, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ba­bat­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ägirt uly ta­gal­la­la­ryň bü­tin dün­ýä­de da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­dy. Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ry­nyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň 2023 – 2030-njy ýyl­lar üçin Stra­te­gi­ýa­sy­ny iş­jeň dur­mu­şa ge­çir­me­giň çä­gin­de ylym-bi­lim, me­de­ni­ýet, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk we yn­san­per­wer­lik ugur­la­ryn­da dün­ýä döw­let­le­ri we ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk­lar ýo­la go­ýul­ýar.
Döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edi­len, se­bit­de ýe­ke-täk «akyl­ly» şä­her bo­lan Ar­ka­dag şä­he­ri – ýaş­la­ryň şä­he­ri. Ar­ka­dag şä­he­ri ýaş­la­ryň bi­lim-dö­re­di­ji­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir. Şu ýy­lyň 29-njy aw­gus­tyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Ar­ka­dag şä­he­ri­ne ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da «akyl­ly» şä­he­riň ikin­ji tap­gy­ry­nyň çäk­le­rin­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän gur­lu­şyk iş­le­ri bi­len tan­şyp, on­da ýaş­la­ryň pi­kir­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­me­giň wa­jyp­dy­gy ha­kyn­da nyg­ta­ma­gy bag­ty­ýar ýaş­lar­da uly ho­şal­lyk duý­gu­sy­ny dö­ret­di.
Gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­je­gin­de döw­re­bap ça­ga­lar bag­la­ry­dyr ak mek­dep­ler, kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri yzy­gi­der­li gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýär. Hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän sport des­ga­la­ry­dyr mek­dep­ler­de tä­lim al­ýan ýaş tür­gen­ler hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ryn­da, çem­pio­nat­lar­da ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny be­len­de gal­dyr­ýar­lar. «Ar­ka­dag­ly ýaş­lar» žur­na­ly­nyň dö­re­dil­me­gi, ýaş­la­ryň ara­syn­da yzy­gi­der­li yg­lan edil­ýän dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri, öň­de­ba­ry­jy ýaş­la­ra döw­let baý­rak­la­ry­nyň­dyr sy­lag­la­ry­nyň gow­şu­ryl­ma­gy hem ýaş­lar üçin dö­re­dil­ýän giň ge­rim­li şert­le­riň aý­dyň gü­wä­si­dir.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myzyň: «Wa­ta­ny­my­zyň şan­ly ta­ry­hy­na, mil­li kök­le­ri­mi­ze, be­ýik şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň ga­za­nan­la­ry­na göz ýe­tir­ýän hem-de olar­dan ne­ti­je çy­kar­ma­gy ba­şar­ýan ýaş­lar bi­ziň buý­san­jy­myz­dyr» di­ýip, belleýşi ýa­ly, türk­men ýaş­la­ry mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze yg­rar­ly­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­len­ýär, olar yl­myň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny, ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ez­ber­lik bi­len öz­leş­dir­ýär­ler. Mu­nuň üçin ýaş­la­ryň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man
Ser­da­ry­my­za al­kyş­la­ry­nyň çä­gi ýok.

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.