Aşhanamyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrülen ýeralma dünýäde iň köp ýaýran bakja önümleriniň biridir. Her ýyl dünýäde 400 million tonna töweregi ýeralma hasyly alynýar. Ýeralmanyň üçden bir bölegi Hytaý bilen Hindistanda ösdürilip ýetişdirilýär. Gaýnadylan, gowrulan, köze daglanan – islendik görnüşde tagam taýýarlap bolýan bu bakja önümi baradaky gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.
Köp adam ýeralmanyň ata Watany Irlandiýa diýip bilýär. Irlandiýa ýeralmany köpçülige meşhur eden hem bolsa, bu ösümligiň ilkinji ösdürilip ýetişdirilen ýeri Boliwiýanyň demirgazyk-günbatary we Perunyň günorta bölegi hasaplanýar. 1600-nji ýyllarda ispanlar ýeralmany Amerika alyp gidýärler. Şondan soň hasyly ýeriň aşagynda bitýän bu ösümlik tutuş dünýä ýaýraýar.
Ispanlar tarapyndan Günorta Amerika äkidilen kök ýaly ýeralmalar çaknyşdyrylyp owadan sorta öwrülenden soň, gaýtadan Ýewropa getirilýär. Ýewropalylar ýeralmanyň daşy tekiz owadan sortuny ilkibaşda kabul etmeýärler.
400 ýyldan bäri ekilip gelinýän ýeralmanyň häzirki wagtda 4 müňden gowrak medeni görnüşi we 180-den gowrak ýabany görnüşi bar.
Ýeralmanyň ähli görnüşiniň düzümi deň däl. Ýöne şeýledigine garamazdan, ýeralmanyň ählisiniň düzüminde krahmal bar.
Ýeralmanyň russet diýilýän sorty ýokary derejede krahmal saklaýandygy bilen tapawutlanýar. Fransuz aşhanasynda ýeralmanyň, esasan, şu görnüşi ulanylýar.
Köp adam ýeralmanyň pomidor we käbir zäherli güller bilen bir maşgala degişlidigini eşidip geň galýarlar. Ösümlikleriň «Solanaceae» maşgalasy örän uly bolup, 90 topara girýän 4 müň töweregi ösümligi öz içine alýar.
Köpleriň pikir edişi ýaly, ýeralmanyň gabygyndaky ýaşyl tegmiller zyýanly däl. Ýeralma göni düşýän Gün şöhlesini hlorofile (ýaşyl reňke) öwürýär. Ýeralmanyň ýaşyl tegmillerini aýryp iýibermeli. Eger-de ýeralmanyň daşy tutuşlygyna ýaşyla öwrülen bolsa, ony iýmekden saklanmaly. Sebäbi ýaşyl ýeralmada zäherlenme döräp, tagamy hem ajaýar.
Ýeralmany uzak saklamak üçin ilki mazaly guratmaly. Soňra 4 dereje sowukda üýtgetmän saklamaly. Bu temperatura ýeralmanyň birnäçe ýyllap durkuny ýitirmän saklanmagyna ýardam edýär.
Häzirki wagta çenli Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan hasaba alnan iň uly ýeralmanyň agramy 4,98 kilograma barabardyr. Bu ýeralmany Nottingem (Beýik Britaniýa) şäheriniň fermeri Piter Glazebruk ösdürip ýetişdirýär.