Baý kömür ýataklary Angliýada senagatyň ýüze çykmagyna we ösmegine getirdi. Ilki bugly maşynlarda ýangyç hökmünde ulanylan kömür, soňra bolsa elektrik energiýasynyň öndürilmeginde peýdalanyldy. Indi bolsa ýurtda elektrik energiýasyny öndürýän soňky kömür bekedi hem ýapyldy. Angliýada kömür 142 ýyldan bäri elektrik energiýasyny öndürmek üçin peýdalanylýardy. Ýurt kömri elektrik energiýasynyň önümçiliginden aýryn ilkinji G7 ýurdy boldy. Senagat taýdan ösen beýleki ýurtlarda henizem elektrik energiýasyny öndürmek üçin kömür ýakylýar. Indi bolsa, Angliýada has arassa çeşmelerden elektrik energiýasy öndürilýär.
Angliýanyň Nottingemşir sebitindäki “Uniper” kompaniýasyna degişli bolan Soar boýundaky Raşklif (Ratcliffe-on-Soar) obasyndaky kömürli elektrik bekedi hemişelik ýapyldy. Bu beketde 57 ýyldan bäri elektrik energiýasy öndürilýärdi. Zawodyň 100 töweregi işgäri geljek iki ýylyň dowamynda bekediň dolulygyna ýapylmagy üçin işlemegini dowam ederler. Kompaniýa galan işgärleri beýleki önümçilik desgalarynda iş bilen üpjün eder ýa-da energiýanyň başga ugurlarynda işlemekleri üçin okuw sapagyny berer.
Londondaky “Ember” maslahat beriş kompaniýasynyň maglumatyna görä, ýurtda elektrik energiýasyny öndürmekde 1882-nji ýyldan bäri ulanylýan kömrüň paýy 2012-nji ýylda 39 göterime, 2019-njy ýylda 2 göterime çenli düşüpdir.
Angliýa 2015-nji ýylda 2025-nji ýylda kömürden elektrik energiýasyny öndürmegi bes etjekdigini älim edipdi.
Ýurtda soňky ýyllarda ýel we Gün beketlerinden alynýan elektrik energiýasynyň möçberi artdy. Tebigy gazdan hem elektrik energiýasyny öndürmegini dowam etdirýän Angliýa 2030-njy ýylda dolulygyna arassa çeşmelerden elektrik energiýasyny öndürip başlar.
“Emberiň” maglumatyna görä, häzirki wagtda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna agza ýurtlaryň üçden birinde elektrik önümçiliginde kömürden peýdalanylmaýar. Bu ýurtlaryň arasynda Kosta Rikada, Estoniýada we Litwada hiç haçan kömür ulanylmandyr. Şweýsariýa, Lýuksemburg, Latwiýa, Belgiýa, Şwesiýa, Awstriýa, Portugaliýa, Norwegiýa we Slowakiýa döwletleri kömür ulanmagy bes edipdir.