Hytaýly alymlar himiki taýdan indusirlenen sütün öýjüklerini ulanyp, 1-nji derejeli süýji keseli bolan 25 ýaşly hassany üstünlikli bejerdiler. 11 ýyl bäri bu keselden ejir çekýän näsag transplantasiýadan 75 gün soň insulin almagy doly bes etdi. Gözlegiň netijeleri “Nature” žurnalynda çap edildi.