Owganystanyň gündogaryndaky Host welaýatynyň dolandyryş merkezinde 15-17-nji oktýabr aralygynda “Owganystanyň hazynalary” atly söwda we senagat sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu barada ýurduň maglumat portaly “Alemarah” habar berdi.
Bu çäre ýurduň Söwda we senagat ministrliginiň howandarlygynda şäheriň futbol stadionynda guralar. Sergide söwda we hyzmatlaryň dürli pudaklary, şol sanda, oba hojalygy, haly dokamak, magdan senagaty, saglygy goraýyş, bank işi, senetçilik, ulag gurluşyk, ulag, logistika, gurluşyk, telekommunikasiýa we bilim ýaly önümçiligiň dürli ugurlary görkeziler.
“Sergi ýurduň içinde owgan önümlerini ýerlemek, müşderileriň zerurlyklaryny kesgitlemek, satuwy artdyrmak, bazary goldamak we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly giňişlik döretmäge ýardam berer – diýip, Senagat we söwda ministrliginde habar berdiler.