Owganystanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Molla Abdul Gani Baradar Ahundyň ýolbaşçylygyndaky hökümet komissiýasy bahasy 10 milliard afganä (146 million dollar) deň bolan 12 sany möhüm ykdysady taslamany amala aşyrmak maksady bilen zerur maliýe serişdelerini tassyklady. Bu barada ýurduň habar beriş serişdeleri mälim etdiler.
Kabuldaky Marmarin köşgünde geçirilen maslahatyň gün tertibinde jemi 30 sany ykdysady taslama garaldy. Şolaryň 12-si boýunça şertnamalaryň tassyklanandygy, 15-sine üýtgetmeler girizilendigi, biriniň ýatyrylandygy, iki taslamanyň şertnama bahalarynyň bolsa, bäsleşikde ýeňiş gazanan kompaniýalar bilen nyrh babatda gepleşikleri geçirmek üçin ýörite komitetlere ugradylandygy habar berildi.
Makullanan we üsti ýetirilen taslamalar Kandahardaky Ahmad Şah Baba halkara howa menziliniň durkuny täzelemegi, Kabulda ýol abatlaýyş işlerini, Kandahar, Zabol we Nimruz welaýatlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işleriniň tamamlamagyny, Badgis welaýatyndaky Kaýsar-Laman ýolunyň 25 kilometrlik böleginiň durkuny täzelemegi, Haýratan-Mazari-Şerif awtoulag we demirýol sebitindäki infrastrukturanyň desgalarynyň dikeldilmegini we döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän birnäçe taslamany öz içine alýar.