Saud Arabystanynyň ikinji uly şäheri Jiddada dünýäniň iň beýik binasy – “Jeddah Tower” gökdiräniniň gurluşyk işleri 7 ýyllyk arakesmeden soň täzeden başlandy. Meýilnama görä, bu binanyň beýikligi 1 kilometre ýetip, Dubaýdaky dünýäniň iň beýik binasy “Burj Halifadan” 150 metr beýik bolmaly. 2013-nji ýylda başlanan gurluşyk işleri 2018-nji ýylda togtadylypdy we COVID-19 pandemiýasy sebäpli uzak arakesmeden soň gaýtadan başlandy. Onuň taslamasyny Çikagonyň “Adrian Smith + Gordon Gill Architecture” kompaniýasy taýýarlady.
Bahasy 1,2 milliard dollara deň bolan “Jeddah Tower” diňiniň 652 metr belentliginde dünýäniň iň beýik syn ediş meýdançasy, “Dört möwsüm” myhmanhanasy, ýaşaýyş jaýlary, ofisleri, kondominiumlar toplumy ýerleşer. Binadaky 59 sany ösen lift ulgamy myhmanlary sagatda 40 kilometr çenli tizlik bilen gatnadar. Bu gökdirän Gyzyl deňziň kenaryndaky 20 milliard dollarlyk uly ykdysady taslamanyň bir bölegi bolar. Onuň gurluşygyny geljek dört-bäş ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, häzirki wagtda Saud Arabystanynda “Trojena” dag lyža şypahanasyny, Gyzyl deňziniň kenaryndaky “Sindalah” şypahanasyny, 170 kilometr uzynlygyndaky “The Line” ekologik şäherini we “Oxagon” senagat zolagyny öz içine alýan NEOM taslamasynyň gurluşyk işleri dowam edýär. NEOM dünýäniň iň uly taslamalaryň biridir.