Dünýä belli hindistanly işewür Ratan Tatanyň 86 ýaşynda aradan çykandygy mälim edildi. Dürli ugurlarda, esasan hem, awtoulag senagatynda iş alyp baran Tata her ýylda 100 milliarddan gowrak girdejisi bolan “Tata Group” toparyna ýolbaşçylyk edýärdi. Haýyr-sahawata hem serişde gönükdirmegi bilen tanalýan Tata kiçi göwrümli, arzan bahaly awtoulag öndürmegi bilen meşhurlyk gazanypdy. Onuň ýolbaşçylyk edýän holdingi iňlis-niderland polat öndürijisi “Corus” kompaniýasyny, Angliýanyň “Jaguar” hem-de “Land Rover” awtoulag öndüriji kompaniýalaryny, şeýle hem “Tetley” çaý öndüriji kompaniýany satyn alypdy.
Ýolbaşçylyk eden topary onuň maşgala adyny göterýän hem bolsa, Ratan Tata şol toparyň paýnamalarynyň 1 göteriminden hem azyna eýeçilik edýärdi. Ratan Tata 2012-nji ýylda “Tata Group”-yň başlyklygyndan pensiýa çykýar we toparyň holding kompaniýasy bolan “Tata Sons”-yň hormatly başlygy hökmünde bellenýär.
Rata Tata 1937-nji ýylda Hindistanyň Mumbaý şäherinde dünýä inýär. ABŞ-nyň Kornell uniwersitetinde binagärlik we inženerçilik ugurlaryndan ýokary bilim alýar.
Soňra bolsa dürli senagat önümlerini öndürýän kompaniýalarda we zawodlarda işleýär.