Almaty-Daşkent aralygynda gatnaýan otlularda zenanlar üçin niýetlenen aýratyn wagon goýuldy. Gündelik gatnaýan halkara ugurda 1-nji oktýabrdan başlap, diňe zenan ýolagçylary kabul edýän ýörite wagon goýlar. Wagonyň içindäki hyzmatlary hem diňe zenan işgärler ýerine ýetirer. Mundan ozal şeýle wagonlar Gazagystanyň içerki gatnawlarynda bardy. Indi bolsa, halkara otly gatnawynda hem şeýle hyzmat ýola goýuldy. Zenanlara niýetlenen wagonlarda 7 ýaşyna çenli oglanlar hem münüp biler.
Bilet satuwy 45 gün öňünde başlaýar. Ýolagçylar biletleri kassalardan ýa-da onlaýn usul arkaly alyp bilerler. Her gün Almatydan 19:05-de ugraýan otly ertesi 12:53-de Daşkente barýar. Yzyna bolsa, 14:41-de gaýdyp, ertesi 08:51-de gelýär.
Häzirki wagtda Gazagystanyň içerki gatnawynda 13 ugurda zenanlar üçin aýratyn wagonlar bar.
PDF








