Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Aşgabatda geçirilýän halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow saparynyň çäklerinde beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşar.

Bu foruma köp sanly döwletiň Baştutanlary, şeýle hem halkara guramalaryň – Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, GDA-nyň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşar.