Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabatda geçirilýän halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Belent mertebeli myhmany Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew we beýleki resmi adamlar garşylady.
Täjigistanyň Prezidenti ýurdumyza saparynyň çäklerinde beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşar.
Bu foruma köp sanly döwletiň Baştutanlary, şeýle hem halkara guramalaryň – Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, GDA-nyň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşar.