2024-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy Hirosima we Nagasakidäki atom partlamalaryndan aman galanlary birleşdirýän Ýaponiýanyň “Nihon Hidankyo” guramasyna berildi.
Bu barada Nobel komitetiniň habarynda aýdylýar.
Bu gurama “ýadro ýaraglaryndan azat dünýäni gazanmak ugrundaky tagallalary hem-de ýadro ýaraglarynyň gaýtadan ulanylmaly däldigi baradaky subutnamalary üçin” sylaglandy.
Geňeş ýadro ýaraglarynyň soňky 80 ýyl töweregi wagt bäri söweş hereketlerinde ulanylmaýandygyny belledi. “Nihon Hidankyo”-nyň we hibakusýanyň (Hirosima we Nagasakiniň atom partlamalaryna duçar bolan adamlar Ýaponiýada şeýle atlandyrylýar) beýleki wekilleriniň alyp barýan işleri ýadro ýaragyny ulanmagyň gadagan edilmegine möhüm goşant goşdy.